TULM Özbegistandan Braziliýa ilkinji konteýnerli otly geçişini gurnady
18.12.2024 | 16:11 |“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) AGPJ Özbegistandan Braziliýa ugran ilkinji konteýnerli otlyny guramak bilen halkara ulag logistikasyny ösdürmekde möhüm ädim ätdi. Ugradyş 11-nji dekabr, çarşenbe güni Daşkentiň “First Dry Port Terminal” terminalynda karbamidiň ýüklenen ýerinde boldy.
Otlyda 40-futlyk 54 sany konteýner bolup, olaryň hersinde 28 tonna dökün bar. Bu taslama, Türkmenistanyň Ýewraziýa yklymynyň esasy üstaşyr merkezi hökmünde barha artýan ornuna ünsi çekýär we Merkezi Aziýa bilen Günorta Amerikanyň arasynda söwda üçin täze mümkinçilikler açýar.
Otlynyň ugry Türkmenbaşy deňiz portundan geçýär, şondan soň Azerbaýjanyň we Gruziýanyň çäklerinden fider ugry arkaly ýoluny dowam etdirer. Poti (Gruziýa) portunda konteýnerler Braziliýanyň Paranagua portuna eltjek gämä ýüklener.
Hasaplamalara görä, ýükleri eltmegiň wagty 60-dan 70 gün aralygynda bolar. Poti portuna barýan demir ýol takmynan 20 gün wagty alar, ugruň deňiz bölegi ýene 35-45 gün dowam eder.
Bu taslama, söwda mukdaryny ýokarlandyrmaga we logistika infrastrukturasyny gowulandyrmaga kömek edip biljek sebitde konteýnerli ýükleri daşamagy ösdürmek mümkinçiligini görkezýär.
ORIENT news