Iň täze habarlar

Parižde "Diwan lügat at-türk" eseriniñ 950 ýyllygy mynasybetli halkara maslahaty geçirildi

16.12.2024 | 15:12 |
 Parižde "Diwan lügat at-türk" eseriniñ 950 ýyllygy mynasybetli halkara maslahaty geçirildi

Türkmen wekiliýeti "Tekstologiýada dünýä kartasynyñ şekillendirilmegi: "Diwan lügat at-türk" eseriniñ 950 ýyllygyna" ("Türki dilleriñ sözlügi") atly halkara maslahatyna gatnaşdy.

Çäre UNESCO-nyñ Pariždaky ştab-kwartirasynda geçirilip, Azerbaýjanyñ UNESCO işleri boýunça Milli topary tarapyndan guraldy.

Maslahata Azerbaýjanyñ, Gazagystanyñ, Gyrgyzystanyñ, Türkiýäniñ, Özbegistanyñ, Wengriýanyñ we beýleki ýurtlaryñ wekilleri hem gatnaşdy. Gatnaşyjylar XI asyryñ meşhur dilçi alymy Mahmyt al-Kaşgarlynyñ "Diwan lügat at-türk" eseriniñ taryhy we medeni ähmiýeti barada maslahatlaşdylar.

Maslahatyñ çäklerinde "Diwan lügat at-türk" baradaky dokumental film görkezildi, tematiki sergi gurnaldy, eseriñ Said Hojaýew tarapyndan azerbaýjan hem-de Zifa-Aluy Auezowa tarapyndan rus diline terjime edilen kitaplarynyñ tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitaplar Türki medeniýetiniñ we mirasynyñ gaznasy tarapyndan neşir edildi.

"Diwan lügat at-türk" ensiklopediki eser bolup, türki diliniñ söz baýlygy arkaly medeniýetiñ ajaýyplygyny beýan edýär. Eser türki diliniñ grammatikasy boýunça ilkinji okuw kitaby hasaplanylýar, türki rowaýatlary, halk döredijiligi, türki jemgyýetiniñ gündelik durmuşy we däp-dessurlary barada özboluşly maglumatlary bermek bilen, türki taýpalar hem-de Türkestanyñ grografiýasy bilen tanyşdyrýan siwilizasiýalaryñ ensiklopediýasydyr.

ORIENT news

Foto: uza.uz

Şeýle hem okaň: