Hytaýda Bluetooth ulgamynyñ milli alternatiw görnüşi ornaşdyrylýar
18.12.2024 | 09:40 |Hytaý Star Flash atly simsiz aragatnaşyk ulgamyny işledip başlaýar.
Bu başlangyç simsiz aragatnaşyk ulgamynda öz şahsy standartlaryny döretmek boýunça Hytaýyñ giñ gerimli strategiýasynyñ bölegi bolup durýar.
Star Flash ulgamyny SparkLink birleşigi işläp taýýarlaýap, ol özünde iri hytaý tehnologiýa kompaniýalaryny jemledi. Täze tehnologiýa Bluetooth ulgamynyñ milli alternatiw görnüşi bolup, bar bolan tehnologiýalardan giñ artykmaçlyklary hödürlär.
Ol 5G ulgamynyñ aýratyn böleklerine esaslanyp, bir wagtda birnäçe enjamlary birikdirip bilýär hem-de pes energiýa sarp edişi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa enjamyñ işleýiş wagtyna oñaýly täsir edýär. Star Flash çäksiz stereoses geçirijiligini (WAVE we AIFF) üpjün edýär. Bu bolsa alyjylar elektronikasy we beýelki ulanyşlar üçin geljegi uly bolan çözgüt hasaplanylýar.
Hytaý hökümeti 2025-nji ýylda tutuş ýurt boýunça StarFlash standartyny millionlarça durmuş desgalaryna girizmegi meýilleşdirýär. Konka kompaniýasy eýýäm bu tehnologiýany girizip başlamagy bilen, StarFlash-ly köpugurly pulty bilen utgaşan telewizorlary çykarýar.
Ýakynda Hytaýyñ wideotehnika öndüriji assosiasiýasy (China Video Industry Association, CVIA) uzak aralykdan dolandyrmagyñ köpugurly pultlary üçin täze aragatnaşyk standartyny tassyklady.
Bu aragatnaşyk standarty durmuş desgalary bilen özara gatnaşygy añsatlaşdyrýar. Köpugurly pultlar bu tehnologiýany ulanmak bilen, ulanyjynyñ haýsy enjamy ulanjak bolýandygyny öz-özünden kesgitleýär, olary birleşdirip, maglumatlar geçirijiligi, şol sanda goşmaça enjamdan ekrana wideo akymyny ýeñilleşdirýär.
ORIENT news