Aşgabatda “Iran AgroFood” atly eýran önümleriniň sergisi başlandy
16.12.2024 | 16:00 |16-njy dekabrda, Aşgabatda “Iran AgroFood” atly 16-njy ýöriteleşdirilen eýran önümleriniň sergisi, şeýle hem türkmen-eýran işewürlik forumy öz işine başlady. Çäreler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilip, 18-nji dekabra çenli dowam eder.
Eýranyň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna wekilçilik edýän 50-den gowrak kompaniýa we assosasiýa sergä gatnaşýar. “Iran AgroFood” atly seginiň çäginde oba hojalyk önümlerini gaplamak, saklamak we daşamak üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny, şeýle hem azyk önümleriniň köp görnüşini görkezilýär.
Bu çäreleriň esasy maksady, önümlerini Türkmenistanyň bazaryna hödürlemäge we täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berýän eýran kompaniýalary üçin meýdançany döretmekden ybaratdyr.
Sergi iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim bolup, işewürlik üçin täze gözýetimleri açýar.
ORIENT news