Iň täze habarlar

Aşgabatda “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

17.12.2024 | 03:50 |
 Aşgabatda “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

16-njy dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň başynda emin agzalary tarapyndan ses berlen ýa-da “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynda ýylyň dowamynda halk köpçüliginden iň köp SMS seslerini alan 10 aýdymçynyň ady yglan edildi. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýaş estrada aýdymçylary aýdym aýtmakda özleriniň ussatlygyny görkezdiler.

Bu döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna Türkmenistanyň medeniýet işgärleri, artistler, aýdymçylar, kompozitorlar, şahyrlar we öňki ýyllardaky bäsleşigiň ýeňijileri gatnaşdylar.

“Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň şertlerine görä, aýdymçylar iki aýdym aýtdy, ussatlaryň her gatnaşyjynyň sesiniň arassalygyna we owazyna doly baha berip bilmekleri üçin aýdymlaryň biri sazsyz ýerine ýetirildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda ýaş estrada we höwesjeň aýdymçylary Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bäsleşigiň netijelerine görä Göwher Hajymyradowa 3-nji, Şatlyk Gurbannazarow 2-nji, Serdar Çaryýew 1-nji orny eýeledi.

Döredijilik marafonynyň ýeňijisi we “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň baş baýragynyň eýesi Gylyçdurdy Durdyýew boldy, oňa dabaraly ýagdaýda göçme kubok we döwlet Baştutanynyň adyndan gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: