Iň täze habarlar

OpenAI kompaniýasy özboluşly ChatGPT Search gözleg ulgamy bilen tanyşdyrdy

17.12.2024 | 12:15 |
 OpenAI kompaniýasy özboluşly ChatGPT Search gözleg ulgamy bilen tanyşdyrdy

OpenAI amerikan kompaniýasy ähli ulanyjylar üçin ChatGPT emeli añly çat-bot arkaly Internet-gözlegini dötetdi.

Bu bolsa gözleg ulgamlarynyñ dünýä bazarynda liderligi saklaýan Google kompaniýasyna açyk çagyryş.

ChatGPT Search çat-botyñ ýa-da hyzmat ediş ulgamynyñ web görnüşiniñ ykjam gollanmasynda öz akkaundyna giren islendik ulanyjy üçin elýeterli bolar. Ozal ChatGPT arkaly Internet-gözlegi diñe tölegli müşderiler üçin elýeterlidi.

Ulanyjylar ChatGPT arkaly gözlegden peýdalanyp, degişli web-çeşmelere salgylanan tiz we döwrebap jogaplary alyp bilerler.

ChatGPT haýyşnamasy adaty ýagdaýda girizilýär. Internetde berlen sorag boýunça jogap gözlemelidigini çat-botyñ özi kesgitleýär. Şeýle hem, çat-bot gözleg şertlerini anyklap, netijeler boýunça has jikme-jik maglumatlary taýýarlap bilýär.

Mundan başga-da, ChatGPT Search gözlegini öz web-brauzeryñ üçin gaýybana gözleg ulgamy edip bolar.

Gözleg ulgamynyñ tanyşdyrylyşy OpenAI kompaniýasynyñ 12 günlik bildiriş marafonynyñ bir bölegidir. Ozal köpçülige Sora atly emeli añyñ kömegi bilen wideo döretmek üçin guraly hödürlenildi.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: