Iň täze habarlar

Fransua Baýru Fransiýanyñ täze premýer-ministri hökmünde bellendi

14.12.2024 | 11:59 |
 Fransua Baýru Fransiýanyñ täze premýer-ministri hökmünde bellendi

Fransiýanyñ prezidenti Emmanuel Makron Fransua Baýruny ýurduñ täze premýer-ministri wezipesine belledi. Bu barada Ýeliseý köşgünde habar berdiler.

Mişel Barnýeniñ öñki hökümeti üç aýyñ dowamynda iş alyp bardy.

Fransua Baýru tejribeli syýasatçy, köpsanly taryhy kitaplaryñ awtory. Ol "Demokratik hereketi" sentristik partiýasyna (MoDem) ýolbaşçylyk edýär.

Täze kabinetiñ düzümi ýakyn günlerde dörediler.

Täze premýer-ministriñ we onuñ kabinetiniñ öñünde parlamentiñ aşaky palatasynda 2025-nji ýyl üçin ýurduñ býujet meýilnamasyny tassyklamak ýaly möhüm wezipe dur.

ORIENT news

Foto: iz.ru

Şeýle hem okaň: