Gazagystanda Emeli añy ösdürmek boýunça geñeş dörediler
13.12.2024 | 13:50 |Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanda Emeli añy ösdürmek boýunça geñeşi döretmegi tabşyrdy. Bu barada Akorda salgylanyp, "Kazinform" halkara habarlar agentligi belleýär.
Geñeş institusional gurşawynyñ öñdebaryjy dünýä ülñeleri bilen utgaşdyrylmagyny üpjün eder.
Ýurduñ IT-ulgamyndaky ägirt uly kuwwaty barada belläp, Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystany Ýewraziýanyñ iri sanly merkezine öwürmegiñ wezipeleri barada aýdyp geçdi.
Ozal Emeli añyñ milli merkeziniñ döredilmegi barada başlangyç öñe sürüldi.
"AlemAI halkara merkezi AI-hereketiniñ merkezine we Gazagystanyñ sanly transformasiýasynyñ nusgasyna öwrülmeli. Bu ýerde barlag we tejribe-gurluş barlaghanalary, programmirleme mekdebi we halkara tehnologiýa kompaniýalarynyñ edaralary ýerleşdiriler" - diýip, Kasym-Žomart Tokaýew belledi.
ORIENT news