Aşgabatda III Türkmen-Hytaý ylmy-innowasion forumy öz işini tamamlady
27.11.2024 | 19:30 |Şu gün, 27-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III Türkmen-Hytaý ylmy-innowasion forumy öz işini tamamlady.
Çäre ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň amaly meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin hem-de milli innowasiýa ulgamyny berkitmek üçin meýdança öwrüldi.
Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky esasy hyzmatdaşlyk ugurlaryny, şol sanda nano- we himiýa tehnologiýalary, täze materiallaryň we energiýa çeşmeleriniň barlaglary, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika ýaly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, maglumat-kommunikasiýa ulgamlarynyň, kompýuter tehnologiýalaryň, häzirki zaman lukmançylygyň, farmasewtika önümçiligiň, innowasion ykdysadyýetiň we ynsanperwer ylymlaryň ösüş meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.
Hytaýyň Uhan politehniki uniwersitetiniň professory Jin Jou bu duşuşygyň ähmiýeti barada şeýle belledi:
“Şu gün irden geçirilen maslahatda biz hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyk hem-de geljekde iýmit önümlerini öndürmek we bilim ulgamy babatda birnäçe ylalaşyklara gol çekdik. Şeýle-de, talyplaryň alyş-çalşy teklip edilýär. Biz innowasion tehnologiýalar, kiber howpsuzlyk we beýleki möhüm ugurlar boýunça hünärmenlere bilim bermäge taýýardyrys. Türkmenistanda men ilkinji gezek. Ýerli halkyň mähirliligi we açyk göwünliligi haýran galdyrdy. Bize uly hormat we myhmansöýerlik bildirdiler”.
III Türkmen-Hytaý ylmy-innowasion forumy bilelikdäki ylmy-tehnologiýa ösüşi üçin täze mümkinçilikleri döretmekde möhüm ädim bolar.