TDHÇMB-da söwdalaşyklar: azkükürtli ýangyç gara nebiti we ýeňil senagaty önünmleri satyldy
28.11.2024 | 09:12 |27-nji noýabrda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda ýeňil senagaty we nebit-himiýa önümleri satyldy.
BAE-niň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen azkükürtli ýangyç gara nebiti satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekillerinden olar el halylaryny we nah ýüplükleri satyn aldylar.
Türkmen işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “TPP D 30 S” markaly polipropileni we “SN-600” markaly baza ýagyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 3 200 000 manada we 37 117 154,26 amerikan dollara barabar bolan 11 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.
ORIENT news