Iň täze habarlar

Pekinde üpjünçilik zynjyrlary boýunça ikinji Hytaý halkara sergisi açyldy

27.11.2024 | 15:10 |
 Pekinde üpjünçilik zynjyrlary boýunça ikinji Hytaý halkara sergisi açyldy

Pekinde üpjünçilik zynjyrlary boýunça ikinji Hytaý halkara sergisi açyldy (China International Supply Chain Expo - CISCE).

Şu ýyl “Umumy geljek üçin dünýäni birleşdirmek” atly şygar astynda geçirilýän bu çäre 69 ýurtdan we halkara guramalaryndan 700-e golaý gatnaşyjyny ýygnady. Fortune Global 500 sanawyndaky gatnaşýan kompaniýalaryň sany hem artdy.

CISCE sergisinde 6 sany esasy senagat zynjyrlary, esasan hem, öňdebaryjy önümçilik zynjyry, ekologiýa taýdan arassa energiýanyň zynjyry, intellektual ulag serişdeleriniň zynjyry, sagdyn ýaşaýyş durmuş zynjyry hem-de ýaşyl oba hojalayk zynjyry ýerleşdirildi.

Serginiň çäklerinde önümçiligiň we üpjünçiligiň durnukly we bökdençsiz ählumumy zynjyrlary üpjün etmek boýunça Pekin başlangyjy hödürlenildi. Üpjünçilik zynjyrlaryna bagyşlalan ilkinji çäre bolup, CISCE kiçi, orta we iri kärhanalary birleşdirmek, senagaty, akademiki toparlary, barlaglary we tejribede ulanylyşyny utgaşdyrmak, şeýle hem hytaý we halkara kärhanalaryň arasyndaky özara arabaglanyşygyna ýardam etmek isleýär.

Bu sergi 4 sany esasy wezipäni ýerine ýetirýär: söwda ulgamyna ýardam etmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam etmek; innowasiýalary birleşdirmek hem-de bilim almagy we alyş-çalyşy höweslendirmek.

CISCE 2024-nji ýylyň 30-njy noýabryna çenli dowam eder.

ORIENT news

Foto: chinadaily.com.cn

Şeýle hem okaň: