Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener–tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Merkezi Köpetdagda tejribe okuw sapagyny geçdiler

28.11.2024 | 09:30 |
 Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener–tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Merkezi Köpetdagda tejribe okuw sapagyny geçdiler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener–tehnologiýalar uniwersitetiniň Ekologiýa we ekologik tehnologiýalar kafedrasynyň halypa mugallymlary Ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak taýýarlygy ugrunyň talyplary bilen Merkezi Köpetdagda tejribe okuw sapagyny geçdiler.

Talyplar bu ýerde daglaryň emele gelşi, olaryň geologik gurluşy barada Merkezi Köpetdagyň mysalynda öwrendiler. Şeýle-de, tejribe sapagynyň dowamynda Merkezi Köpetdagda duş gelýän dag jynslary, olary düzýän minerallar, daglarda howa hadysalarynyň emele gelmegi, daglaryň ýeliň ugruna, tizligine täsiri barada gyzykly maglumatlar berildi. Sapagyň dowamynda ylmy barlaglary barlaghana şertlerinde dowam etmek üçin suw we toprak nusgalary alyndy. Merkezi Köpetdagda duş gelýän dermanlyk ösümlikler talyplarda uly gyzyklanma döretdi. Alym Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy – ensiklopedik eserini ýan kitabyna öwren talyp ýaşlar dermanlyk ösümlikleriň morfologik gurluşyny, ýaşaýyş aýratynlyklaryny öwrendiler. Tejribe sapagyň dowamynda talyplar umumy sapaklarda alan nazary bilimlerini tejribäniň üsti bilen berkitmäge mümkinçilik aldylar.

Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary döwlet we halkara derejesinde ekologiýa meseleleri boýunça geçirilýän dürli çärelere, bäsleşiklere yzygiderli işjeň gatnaşyp gelýärler. Uniwersitetde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler dünýä derejesinde ýokary baha eýe bolýar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan ekologiýa, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak boýunça işleri bahalandyrýan “UI Green Metric” sanawynda hem öňdäki orunlary eýeleýär.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: