Iň täze habarlar

"Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

27.11.2024 | 10:03 |
 "Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

"Türkmennebit” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Ruhnama köçesiniň ugrunda 4 sany 4 gatly, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýynyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Degişli Karara Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi diýip, resmi türkmen metbugat gullugy habar berýär.

Bu Karar "Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ilaty döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksadyna gönükdirilen.

Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we ýaşaýyş jaýlaryny 2026-njy ýylyň noýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

ORIENT news

Foto: tngizt.gov.tm

Şeýle hem okaň: