Gyrgyzystanyň Prezidenti “Sanly çarwadarlar baradaky” Kanuna gol çekdi
25.11.2024 | 13:26 |Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow migrasiýa kanunçylygyna üýtgetmeleri girizýän we “sanly çarwadar” hukugyny berkidýän kanuna gol çekdi.
Bu kanun ýokary taýýarlykly IT-hünärmenleri çekmäge, innowasiýa taslamalary we ýokary tehnologiýa pudaklaryny ösdürmäge, iş orunlaryny döretmäge niýetlenen.
“Sanly çarwadar” hukugyna dalaş edip biljek daşary ýurtly raýatlaryň topary, olaryň hukukary we borçlary, şeýle-de bu hukuga eýe bolmak tertibi hem-de olaryň we ýakynlarynyň ýurtda bolmak şertleri respublikanyň hökümetiniň ýörite karary bilen kesgitleniler.
Sanly çarwadarlar bolýan ýurduna görä hökmany hasaba alynmakdan boşadylar; hususy identifikasiýa belgisini, şeýle hem telekeçilik işine we bank hasaplaryny açmak mümkinçiliklerini alarlar. Şeýle-de olar işe durmak üçin ygtyýarnamany almak zerurlygyndan boşadylar.
ORIENT news