ÝHHG: Täze söwda ýollarynyň ösmeginde Merkezi Aziýa möhüm orun eýeleýär
26.11.2024 | 19:00 |ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi Jon MakGregor, “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahatynda çykyş edip, ykdysady durnuklylygy we daşky gurşawyň durnuklylygyny güýçlendirmek üçin üstaşyr geçelgelerini döwrebaplaşdyrmagyň we giňeltmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.
ÝHHG, sebitdäki iň uly howpsuzlyk guramasy hökmünde syýasy, ykdysady, daşky gurşaw we adam ölçeglerini öz içine alýan giňişleýin howpsuzlyk düşünjesini öňe sürýär. Ilçiniň sözlerine görä, ulag arabaglanşygy söwdanyň mukdarynyň ýokarlanmagyna getirýär we bu bolsa öz gezeginde ykdysady öňe gidişligi we ösüşi höweslendirýär.
“Has köp arabaglanşyk – has köp söwdany aňladýar. Has köp söwda – gowy ykdysady ösüşi aňladýar’ – diýip, ilçi belledi hem-de durnuklylygy üpjün etmekde söwdanyň esasy ornuny nygtady.
Ol Merkezi Aziýanyň Hytaýy, Merkezi Aziýany we Ýewropany birleşdirýän Hazarüsti ulag geçelgesi ýaly täze ugurlaryň ösmeginde möhüm orun eýeleýändigini nygtady.
“Durnukly ulag geçelgelerini ösdürmek diňe bir ykdysady ösüşe kömek etmän, howanyň üýtgemegine edýän täsirini hem azaldar” – diýip Jon MakGregor aýtdy:
Häzirki zaman multimodal geçelgeleri öz içine demir ýol, deňiz we awtomobil ulaglary almak bilen “ýaşyl” tehnologiýalary we sanly çözgütleri ulanmak arkaly uglerodyň zynyldylaryny azaltmaga kömek edýär diýip, ÝHHG-yň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy belledi.
Ilçi MakGregor ÝHHG-nyň sebit ýurtlaryň ulag we söwda arabaglanşygyny ösdürmek baradaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Merkez tarapyndan Aşgabatda amala aşyrylan “Türkmenistanyň Serhet gullugynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek” taslamasy bilen birlikde ÝHHG-nyň käbir başlangyçlaryny belledi. Üstünlikli çärelere arasynda – sanly ulag geçelgeleri we portuň durnukly ösüşi, şol sanda “EcoPort” derejesi berlen Türkmenbaşynyň Halkara porty deňiz portuna goldaw bermek ýaly okuw maslahatlary bar.
“Häzirki zaman multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek arkaly taryhy özgerişleri başdan geçirýän gadymy Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilýändigine şaýat bolýarys” – diýip, ilçi aýtdy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň möhüm logistika üýtgeşmelerine şol sanda Hazarüsti geçelgesiň ugry boýunça täze ulag ýollaryny döretmek meýilnamalaryna taýýarlyk görýändigini belledi.
ORIENT