Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit-himiýa önümleri we gurluşyk materiallary satyn alyndy

27.11.2024 | 09:24 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit-himiýa önümleri we gurluşyk materiallary satyn alyndy

26-njy noýabrda, sişenbe güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa önümleri we gurluşyk materiallary satyldy.

Owganystanyñ telekeçileri "Türkmennebit" we "Türkmenhimiýa" Döwlet konsernleri bilen "KO-20" markaly ýagtylandyryjy nebiti we "B" markaly karbamidi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden olar "PS 500-GO-K" markaly portlandsementi satyn aldylar.

Türkiýäniñ we BAE-niñ işewür toparlarynyñ wekilleri "Türkmengaz" Döwlet konserni bilen tehniki-bölekleýin kükürdi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Türkmen işewürleri Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen "400-GO-K" markaly sulfata daýanykly portlandsementi satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryñ netijesinde umumy bahasy 222 870 manada we 6 391 000 amerikan dollara barabar bolan 6 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiñiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: