Iň täze habarlar

Russiýanyň “S7 Airlines” kompaniýasy Aşgabatda geçirilýän ITTC-2024-e gatnaşýar

27.11.2024 | 11:30 |
 Russiýanyň “S7 Airlines” kompaniýasy Aşgabatda geçirilýän ITTC-2024-e gatnaşýar

Russiýanyň uly göwrümli awiakompaniýasy “S7 Airlines” Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara sergisine gatnaşýar. Bu möhüm wakada, kompaniýa amatly birleşýän uçuşlary we hemişelik ýolagçylary üçin maksatnmamasyny şol sanda esasy ugurlaryny we hyzmatlaryny görkezýär.

“S7 Airlines”-iň pawilionynda serginiň myhmanlary bilet bronlamak işi barada maglumat alyp bilerler, şeýle hem ýörite teklipler we täze ugurlar bilen tanşyp bilerler.

Screenshot_20241127_113723_Gallery.jpg

Kompaniýanyň wekilleri bilelikdäki ösüş üçin täze gözýetimleri açýan türkmen hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga taýyn.

“S7 Airlines” Russiýada öňdebaryjy hususy awiakompaniýadyr. Abraýly “Skytrax” halkara reýtingine görä, Gündogar Ýewropanyň gowy awia gatnadyjylarynyň üçlüliginde mynasyp orny eýeleýär. 2018-nji ýylda “S7 Airlines” “OAG Punctuality League 2019” Ýewropanyň takyklyk reýtinginde altynjy orny eýeläp, Russiýanyň iň takyk awiakompaniýasy diýlip ykrar edildi.

“S7 Airlines”-iň Aşgabatdaky ofisiniň salgysy: Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow köçesi, jaý 174. Has giňişleýin maglumaty şu telefon arkaly habarlaşyp alyp bilersiňiz:

  • 993-12-21-05-93.
Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: