Iň täze habarlar

Rustam Minnihanow Serdar Berdimuhamedowa “Duslyk” ordenini gowşurdy

24.10.2024 | 16:30 |
 Rustam Minnihanow Serdar Berdimuhamedowa “Duslyk” ordenini gowşurdy

Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kazanda Tatarystanyň Raisy Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Serdar Berdimuhamedowa “Duslyk” ordenini gowşurdy. Bu barada Tatarystanyň Raisynyň habarlar gullugy habar berýär.

Tatarystanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esasy goýulan hoşniýetli gatnaşyklaryň we däpleriň pugtalandyrylmagy, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlygyny bildirdi.

“Biziň hyzmatdaşlygymyzyň gadymy taryhy bar. Ähli ugurlar boýunça ulgamlaýyn iş alyp barýarys. Biziň kärhanalarymyzyň gatnaşýan taslamalary oňat ösüş depgini görkezýärler” – diýip, Rustam Minnihanow aýratyn belledi.

1

Serdar Berdimuhamedow Kazanda mähirli kabul edişlik üçin minnetdarlygyny bildirdi.

“Tatarystan Respublikasy üstünlikli ýagdaýda ösdürilýär we şeýle möhüm sammitleriň geçirilýän ýerine öwrüldi” – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň şeýle yzygiderli ösdürilýän ugurda dowam etjekdiginde ynandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Hakyky ählumumy ösüş we howpsuzlyk üçin köptaraplylygy berkitmek” şygary bilen geçirilýän XVI BRIKS Sammitine gatnaşmak üçin Kazana ugrady. Döwlet Baştutanyň iş sapary dowam edýär.

ORIENT news

Foto: rais.tatarstan.ru

Şeýle hem okaň: