Iň täze habarlar

Hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri: türkmen-hytaý bilim başlangyçlary

22.10.2024 | 16:15 |
 Hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri: türkmen-hytaý bilim başlangyçlary

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rectory Baýrammyrat Atamanow Hytaý nebit uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 2024-nji ýylyň 16-20-nji oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin we Sian şäherlerinde gulluk iş saparynda boldy.

17-nji oktýabrynda Sian nebit uniwersitetinde uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary bilen duşuşyk gurnaldy. Onda “Lu Ban ussahanasynda” alnyp barylmagy meýilleşdirilýän okuw we ylmy-barlag işleri, taýýarlanyljak bakalawr taýýarlyk ugurlary, ussahanada gurnaljak enjamlar ara alnyp maslahatlaşyldy. “Lu Ban ussahanasy”, Týanjinin şäher bilim topary tarapyndan 2016-njy ýyldan bäri işlenip düzülen we ýerine ýetirilen halkara hünär bilim taslamasy. Bu taslama Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen amala aşyrylýar we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we bilim başlangyçlaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

18-nji oktýabrynda Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny döretmek hakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama 5 taraplaýyn gol çekildi, şeýle hem, hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

19-njy oktýabrynda B. Atamanow Hytaýyň nebit uniwersitetiniň rektory we professor-mugallymlary bilen duşuşdy. Duşuşykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Hytaýyň nebit uniwersiteti hem-de Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý-daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkezi tarapyndan bilelikde işlenilip taýýarlanylan Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezini döretmek barada Ylalaşygyň hem-de “Iki diplom” halkara bilim maksatnamasy hakynda Düzgünnamanyň taslamasy we merkeziň okuw meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: