Iň täze habarlar

“Sanly çözgüt-2024” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlady

22.10.2024 | 09:45 |
 “Sanly çözgüt-2024” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlady

Aşgabatda “Sanly çözgüt-2024” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň saýlama tapgyryna badalga berildi.

Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçirilýär: emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, akylly oba hojalyk tehnologiýalary, “Akylly şäher”, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk we hyzmatlar ulgamy.

Pudaklaýyn ministrliklerden we edaralaryndan ybarat bolan adalatly emin agzalary ýurduň durmuş-ykdysady şertlerinde sanly çözgütleri ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri we wajyplylygy, ykdysady nukdaýnazardan netijeliligi, ýerine ýetiriş hili we ulanyş amatlyklary, şeýle hem dizaýni boýunça taslamalara baha berer.

Bäsleşik Türkmenistanda programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýan, ylmy açyşlar we oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan zehinli ýaşlary goldamaga gönükdirilen. Ol ýaş alymlara we talyplara öz ylmy-tehniki pikirlerini we innowasion açyşlaryny amala aşyrmaga müminçilik döredýär.

Bäsleşigiň netijeleri telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça “Türkmentel-2024” atly XVII Halkara sergisiniň we ylmy malsahatynyň dowamynda jemlener. Çäre 14-16-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler.

ORIENT news

Foto: bercut.com

Şeýle hem okaň: