Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: ýeňil senagat we nebithimiýa önümleri satyn alyndy

22.10.2024 | 08:41 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: ýeňil senagat we nebithimiýa önümleri satyn alyndy

21-nji oktýabrda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda ýeňil senagat we nebithimiýa önümleri satyn alyndy.

Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri suwaldylan gazy satyn almak üçin “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Türkmen işewürleri "Türkmennebit" Döwlet konserninden “TPP D 30 S” markaly polipropileni satyn aldylar.

Şeýle-de olar Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen nah ýüplükleri satyn almak üçin geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň dowamynda umumy bahasy 6 791 000 manada we 986 000 amerikan dollara barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: