Airbus, Kansai Airports we Kawasaki wodorod ýangyjynda işleýän uçarlar üçin infrastrukturany döretmekde hyzmatdaşlyk alyp bararlar
22.10.2024 | 11:14 |Airbus, Kansai Airports we Kawasaki Heavy Industries kompaniýalary 2035-nji ýyla wodorod ýangyjynda işleýän uçarlaryň ornaşdyrylmagyna we awiasiýa pudagynyň zyňyndylarynyň azaldylmagyna mümkinçilik döredýän hyzmatdaşlygy ýola goýdular.
Taraplar Ýaponiýanyň Kansaý welaýatynda üç sany howa menzilinde, ýagny Kansaý halkara howa menzilinde, Osaka halkara howa menzilinde we Kobe howa menzilinde awiasiýa üçin wodorod bilen üpjün etmek we ony saklamak ulgamyny döretmegiň mümkinçiiklerini öwrenmek üçin özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk barada Ähtnama (MoB) gol çekdiler. Geljekde howa menzilleriň üçüsinde üpjün etmeleriň ýol kartasy işläp taýýarlanylar. Ýokarda agzalan howa derwezeleri özboluşly geografik we ulag aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Bu, öz gezeginde, Airbus-yň wodorod bilen üpjün etmeleriniň, şol sanda dürli ugurlary we eltip bermek usullarynyň dürli ýollaryny öwrenmäge mümkinçilik berer.
Airbus kompaniýasy howa menzillerinde wodorod tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda Kansai Airports bilen 2022-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär. Hususan-da, Kansai Airports öz işinde wodoroddan üstünlikli peýdalanmagy, şol sanda ýangyç elementlerde we ýükleýjilerde işleýän awtobuslaryň ulanylmagyny görkezdi.
Wodorod çözgütleriniň esasy üpjün edijisi bolan Kawasaki kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk wodorod ýangyjynda ekoulgamyň taýýarlanylmagyna esaslanýar. Kawasaki kriogen wodorod bilen üpjün etmekde açyk ulgamynyň birnäçe görnüşlerini taslamalaşdyrmakda giň mümkinçiliklerini açyp görkezdi.
Ýapon korporasiýasynyň beýleki howa menzilleriniň birnäçesinde hem ýükleri işlemek ulgamlaryny ornaşdyrmakda, şeýle-de howa menzilleriň infrastrukturasyny ösdürmekde baý tejribesi bar.
“Kansai Airports 2050-nji ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny nol derejä ýetirmegi maksat edinýär we bu babatda dürli başlangyçlary, şol sanda daşky gurşawa täsiri azaltmak üçin wodorodyň ulanmak ýaly başlangyjy durmuşa geçirýär. Biz bu hyzmatdaşlygyň diňe howa menziller pudagynda wodorod çözgütleri amala aşyrmakda ýardam bermän, eýsem awisasiýa pudagynda zyňyndylary azaltmakda mümkinçilik döretjekdigine begenýäris” – diýip, Kansai Airports administrasiýasynda bellediler.
ORIENT news