Aşgabatda türkmen-eýran bilelikdäki syýahatçylyk festiwaly başlanar
22.10.2024 | 11:00 |Şu gün, 22-nji oktýabrda, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen Aşgabatda ikinji türkmen-eýran syýahatçylyk festiwaly başlanar. 24-nji oktýabra çenli dowam etjek ähiýetli çäre ýurtlaryň arasyndaky medeni we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar.
Festiwalyň açylyşy we sergi
Festiwal 16: 00-da Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda açylyş dabarasy bilen başlanar. Sergide Eýranyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň mümkinçilikleri hem-de eýranly suratkeşleriniň işleri ýaýbaňlandyrylar. Türkmen syýahatçylyk kompaniýalary we suratkeşleriniň işleri hem serginiň möhüm bölegine öwrülerler. Isleg bildirýän raýatlarymyz 18: 00-a çenli sergä baryp bilerler.
Konferensiýa we iş ýygnaklary
23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda syýahatçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan konferensiýa geçiriler. Iki ýurduň bu pudakda zähmet çekýän wekilleriniň we esasy syýahatçylyk kompaniýalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Medeni maksatnama
23-nji oktýabrda sagat 18: 00-da Eýranyň “Sýämaa” döredijilik topary «Watan» kinokonsert merkezinde çykyş eder. Şol ýerde hem, ertesi gün 24-nji oktýabrda Türkmenistan bilen Eýranyň aýdym-saz toparlarynyň bilelikdäki çykyşy bolar. Ikinji türkmen-eýran syýahatçylyk festiwaly iki ýurt üçin möhüm bolup, syýahatçylyk we medeniýet pudagynda täze başlangyçlary ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolar.
ORIENT news