“Daewoo E&C” Türkmenabatda dökün öndürýän zawodynyň gurluşygy boýunça yglan edilen bäsleşikde ýeňiji boldy
21.10.2024 | 21:45 |“Daewoo Engineering & Construction” (Daewoo E&C), mineral dökün öndürýän zawodynyň gurluşygynyň uly taslamasyny durmuşa geçirmäge isleg bildirýän hökmünde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan saýlandy, bu barada kompaniýa 21-nji oktýabrda habar berdi. Bu taslama Günorta Koreýa bilen Türkmenistanyň arasynda dowam edýän hyzmatdaşlykda möhüm tapgyry alamatlandyrýar diýip, “BusinessKorea” işewür neşiri öz habarynda belläp geçýär.
Türkmenistanyň ikinji uly şäheri bolan Türkmenabatdaky mineral dökün zawodynyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 350 000 tonna fosfar we 100 000 tonna sulfat-ammoniýa dökünlerine deň bolar. Bu dökünler Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugry bolan oba hojalygynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Gurluşygyň dowamlylygy esasy şertnama gol çekilenden soň yglan ediler.
“Daewoo E & C” bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde saýlanmagy, şol sanda Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýolyň iýun aýynda Türkmenistana bolan resmi sapary wagtynda birnäçe ýokary derejeli gepleşikleriň we gazanylan deslapky ylalaşyklaryň jemidir. Sentýabr aýynda Ýer, infrastruktura we ulag ministri Pak San Wu hem taslama goldaw bermek üçin Türkmenistanda saparda boldy.
ORIENT news