Iň täze habarlar

Aşgabatda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik mejlisi geçirilýär

16.10.2024 | 11:15 |
 Aşgabatda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik mejlisi geçirilýär

16-njy oktýabrda paýtagtymyzyň “Arçabil” mynmanhanasynda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk býunça Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew we Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Ziýozoda gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Olar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ähmiýeti barada aýratyn belläp, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlediler.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns bermek bilen, iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşygyň ösüş ýollaryny we ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu gün ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ahyrynda 13-nji mejlisiň Beýanyna gol çekilip, ol Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky ykdysady we ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar.

Bu Mejlis bilelikdäki ösüşe we täze başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine bolan iki ýurduň isleglerini aýratyn açyp görkezýär.
<p style=»text-align: right»>ORIENT news

Foto: Orient.tm

Şeýle hem okaň: