Türkmenistan we IAEA 2024-2029-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly meýilnamasyny işläp düzýär
22.10.2024 | 00:30 |21-nji oktýabrda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Atom Energiýasy Agentligiň (IAEA) Türkmenistanyň 2024-2029-njy ýyllar üçin Çarçuwaly meýilnamasyny işläp düzmek boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlise wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly IAEA-nyň Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň Ýewropa bölüminiň meýilnamalary dolandyrmak boýunça işgäri Emine Aliç hem gatnaşdy diýip, DIM-niň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.
Taraplar Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary dogrusynda pikir alyşdylar hem-de atom energiýasynyň lukmançylyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlarda parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanylmagyna aýratyn üns berildi.
Lukmançylyk, hususan-da onkologiýa kesellerine garşy göreşmek ugrundaky hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikde ýerine ýetirilýän işlere gözegçilik etmek üçin Türkmenistanda durmuşa geçirilýän IAEA-nyň ImPACT maksatnamasy bellenildi.
Rak keselini anyklamakda we bejermekde ýadro tehnologiýasy möhüm rol oýnaýar. IAEA ýadro lukmançylygy we şöhleli bejeriş tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda uly tehniki mümkinçilik we tejribe gazandy.
ORIENT news