Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy Aziýanyň iň çalt ösýän federasiýasy diýlip yglan edildi

19.10.2024 | 12:00 |
 Türkmenistanyň Tennis federasiýasy Aziýanyň iň çalt ösýän federasiýasy diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy yklymda iň çalt ösýän guramalarynyň biri diýen ada mynasyp boldy. Bu baradaky tassyklama Gonkongda geçirilen Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) Baş assambleýasynda beýan edildi. ATF-yň Prezidenti Ýuriý Polskiý ýurtda tennisiň çalt depginde ösýändigi we onuň gazananlary barada belläp, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletowa ýadygärlik baýragyny gowşurdy.

Frame 42 (3).png

Çäre düzüminde 45 ýurt bolan Aziýa Tennis federasiýasynyň döredilen gününiň 60 ýyllygyna bagyşlandy. Assambleýanyň çäklerinde ATF-yň wise-prezident wezipesini eýeleýän Eziz Döwletow Direktorlar Geňeşiniň mejlisine hem gatnaşyp, ol ýerde sebitde tennisi ösdürmegiň esasy meseleleri we geljekde geçiriljek ýaryşlaryň guramaçylyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

tennis-1.jpg

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň işi Aşgabatda 2023-nji ýylyň iýunynda geçirilen 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Merkezi Aziýa topar çempionatynyň guramaçylygy üçin ýokary baha mynsayp boldy. Ýaryşa Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň toparlary gatnaşdy. ATF-yň ýolbaşçylary türkmen guramaçylarynyň ýokary hünär taýýarlyklary we ýokary derejede geçirilişi barada nygtap, bu wakany tennis ýaryşlarynyň guramaçylygynyň naýbaşy nusgasy hökmünde bellediler.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň tennis federasiýasy

Şeýle hem okaň: