Iň täze habarlar

Türkmenistanyň we BAE-niň bilim, saglygy goraýyş we sport babatda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

26.09.2024 | 12:37 |
 Türkmenistanyň we BAE-niň bilim, saglygy goraýyş we sport babatda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetiçilik guramalary boýunça wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewa Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hameli bilen duşuşyk geçirdi.

Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Bilim, saglygy goraýyş we sport babatda Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky bar bolan gatnaşyklarynyň wajyplygy barada belläp, taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmekde gyzyklanma bildirdiler.

Ilçi Ahmed Al Hameli şeýh Mansur ben Zaid Al Nahaýýanyň adyndan hem-de wise-prezident, wise-premýer, BAE-niň prezident dolandyryşynyň Başlygy we daşary işler ministri şeýh Abdulla ben Zaidiň adyndan gutlag sözlerini beýan etdi.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: