Iň täze habarlar

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Garaşszylyk güni mynasybetli gutlady

27.09.2024 | 12:00 |
 Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Garaşszylyk güni mynasybetli gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşszylyk güni mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutany öz gutlagynda şeýle belleýär:

“33 ýyl mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilen Türkmenistanyň taryhyna bu gün şöhratly we ýeöişli sahypalar ýazylýar. Biziň her birimiziň durmuşymyzy düýpgöter özgerdýän maksatlarymyz hasyl bolýar, ýurdumyzy dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmakda täze belent sepgitlere ýetilýär. Her bir güni, her aýy, ýyly örän möhüm syýasy, ykdysady, medeni hem-de jemgyýetçilik wakalaryndan doly täze taryhy döwürde ata babalarymyzyň jemgyýetimizi birleşdirýän milli döwleti döretmek baradaky arzuwlaryny goldanyp, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýatlaryny berkidýäris”.

Merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça oýlanyşykly, onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegi göz öňünde tutýan maskatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris diýip, Prezidentiň gutlagynda bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde, Aşgabat, Arkadag şäherleri, welaýatlar durmuş-ykdysady taýdan toplumlaýyn ösdürilýär, diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak arkaly ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistanda giň gerimli gurluşyklar alnyp barylýar, dünýäniň iň kämil tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan kärhanalarda ýokary hilli önümler öndürilýär, halkyň durmuş üpjünçiligi we ýaşaýyş derejesi barha ýokarlanýar. Döwlet Baştutany Garaşszylygyň 33 ýyllygyna gabatlap, döwrebap durmuş-medeni maksatly binalaryň açylyp ulanylmaga tabşyrylandygy barada belledi. Öz maýa goýum serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýan uly möçberli taslamanyň – Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem ulag-kommunikasiýa, logistika desgalaryny açmak we düýbüni tutmak dabaralary ýokary derejede geçirildi. Munuň özi milletimiziň, ägirt uly ruhy galkynyşynyň, döwletimiziň gurplulygynyň aýdyň nyşanydyr diýip, Prezident aýratyn belläp geçdi. Döwlet Baştutany jogapkärli we ynamdar hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygy barada belledi. “Biziň dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnuklylygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gönükdirilen umumadamzat bähbitli başlangyçlarymyz halkara giňişlikde yzygiderli goldwa tapýar”.

Dünýä döwletleri hem-de halkara guramalar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça dostlukly, açyk we köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürilýär. Bu ugurda abraýly halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirilýär.

Garaşsyzlygyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary derejede geçirildi diýlip, gutlagda aýdylýar. “Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmak, abadan we bagtyýar durmuşymyz üçin alyp barýan tutumly işlerimizi güýçli depginler bilen dowam etdireris. Watany söýmegiň berk binýatly däplerine, parahatçylyk, dostluk ýörelgelerimize, demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakdaky milli tejribämize daýanyp, ähli tagallalarymyzy dünýädäki ornumyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de güýçlendirmäge gönükdireris” – diýip, Döwlet Baştutany belledi.

Watandaşlara berk jan saglyk, egsilmez bagtyýarlyk hem-de maşgala abadançylygyny arzuw etmek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow öz gutlagyny şeýle tamamlady:

“Goý, rowaçlyklaryň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün, onuň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende galsyn!”

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: