Iň täze habarlar

Stambulda Türki ýurtlaryň dag kurort birleşigi döredildi

26.09.2024 | 11:36 |
 Stambulda Türki ýurtlaryň dag kurort birleşigi döredildi

Stambulda Türki döwletleriň Guramasynyň edarasynda Türki ýurtlaryň dag kurort birleşigini döretmek baradaky ylalaşyga gol çekildi diýip, Gazagystanyň “Kazinform” halkara habarlar agentligi habar berýär. Birleşige “Şahdag” syýahatçylyk merkezi (Azerbaýjan), “Uludag” kurorty (Türkiýe), “Amirsoý” kurorty (Özbegistan) hem-de “Şymbulak” dag kurorty (Gazagystan) girdi.

Birleşigiň döredilmegi sebitde dag lyža syýahatçylygyny ösdürmek üçin binýatlaýyn meýdançany hem-de syýahatçylar üçin täze mümkinçilikleri döretmek maksady bilen kesgitlenildi.

Umumylykda, Birleşige girizilen dag kurortlaryna her ýylda 5 mln gowrak adam barýar. Bu syýahatçylygyň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.

Birleşigiň işi kurortlaryň arasynda amatly syýahatçylyk ugurlarynyň işlenilip düzülmegine; çäreleriň, sergileriň we maslahatlaryň ýeketäk senenamasynyň döredilmegine gönükdiriler. Şeýle-de Birleşigiň ýerine ýetirmeli işleriniň arasynda gyşky sport oýunlarynyň ýaýbaňlandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki halkara sport çäreleriniň geçirilmegi bardyr.

Birleşik umumy maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge çalyşýan türki ýurtlaryň beýleki dag kurortlaryny öz işine işjeň çekmegi meýilleşdirýär.

Ähtnama gol çekilmegi – kurortlarymyz üçin taryhy waka bolmak bilen, dag lyža syýahatçylygyny ösdürmekde türki ýurtlarynyň tagallalarynyň birleşendiginiň nyşanydyr. Bu medeniýetleriň, mümkinçilikleriň we geljegiň birleşigidir. Halklarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna mümkinçilik berjek senagatyň ösdürilmeginde täze sahypany açýarys, - diýip, “Şymbulak” dag kurortynyň Baş direktory Rinat Abdrahmanow belledi.

ORIENT news

Foto: inform.kz

Şeýle hem okaň: