Iň täze habarlar

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ylym we bilim ugrunda türkmen-arap hyzmatdaşlygy barada maslahatlaşyldy

25.09.2024 | 10:21 |
 Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ylym we bilim ugrunda türkmen-arap hyzmatdaşlygy barada maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda rektor Gülşat Ýusupowanyň hem-de Türkmenistandaky Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed al Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Taraplar ylym we bilim boýunça Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi barada ara alyp maslahatlaşdylar, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiliklerine garadylar.

Söhbetdeşler howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak bilen bagly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berdiler. Belli bolşy ýaly, geçen ýylyň 30-njy noýabr – 12-nji dekabr aralygynda BAE-da BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 28-nji maslahaty geçirildi.

Türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebinde Howanyň üýtgemegi bilen bagly Ýaşlaryň milli maslahaty geçirilip, ol Daşary işler, Bilim, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň bilelikdäki başlangyjy boldy. Dabara oňa gatnaşyjylara milli derejede howanyň üýtgemegine garşy göreşde tagallalary ösdürmek üçin pikir we tejribe alyşmaga hem-de Türkmenistana degişli bolan howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga şert döretdi.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: