Iň täze habarlar

TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy

24.09.2024 | 10:09 |
 TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy

Duşenbe güni, 23-nji sentýabrda, Türkmenistanyň döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy.

Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 168 000 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: