Iň täze habarlar

CNPC-iň Afrika üçin dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakdaky işleri

18.09.2024 | 14:31 |
 CNPC-iň Afrika üçin dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakdaky işleri

Çaddan gelen CNPC-iň nebiti gaýtadan işleýän zawodyň 30 işgäri, Hytaýyň Ýumen nebit ýatagynda üç aýlap hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryndan soň synaglaryndan üstünlikli geçip, CNPC-iň şahadatnamalaryny aldylar. CNPC ilkinji gezek bilelikdäki daşary ýurtdaky kärhanalarynda işgärleriň hünär ussatlygyna baha bermek ülňülerini durmuşa geçirdi we daşary ýurtly işgärlere degişli şahadatnamalary berdi.

Zehinli hünärmenleri taýýarlamak Hytaý-Afrika hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegidir. Afrikadaky hyzmatdaşlygynda ynanyşmak, dostluk we hoşniýetlilik ýörelgelerini goldaýan CNPC, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Afrika üçin dürli ugurlarda 10 müň zehinli hünärmeni taýýarlamak baradaky başlangyjyna işjeň goşuldy.

Kompaniýa halkara hünärmenlerini taýýarlamak ulgamyny döretdi we Ýumen nebit ýatagynda hünär başarnyklary öwretmek maksatnamasyny gurady.

2024-nji ýylda bu maksatnama gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan jemi 79 işgär Hytaýa iberildi. Olar hünär derejesini ýokarlandyrmak, medeniýetara aragatnaşygy, howpsuzlyk we adatdan daşary ýagdaýlary öz içine alýan alty modul taýýarlygyny geçdiler, başarnyklaryny we mümkinçiliklerini ep-esli ýokarlandyrdylar.

CNPC Çad üçin ýerli zehininli nebitçileri hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen orta we uzakmöhletli ýerli ösüş taslamasynyň meýilnamasyny düzdi.

Soňky üç ýylyň dowamynda kompaniýa Çadyň ilaty üçin göniden-göni ýa-da gytaklaýyn 6 müňden gowrak iş ýerini döretdi, şol bir wagtyň özünde işgärleriniň lokalizasiýa derejesi yzygiderli ýokarlanýar. CNPC, şeýle hem, Çaddaky işgärler üçin dolandyryş ukyplaryny we önümçilik tehnologiýasyny ýokarlandyrmak üçin tagalla edýär.

Mundan başga-da, CNPC Ndjamena uniwersiteti bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýdy we her ýyl özüniň Çadly işgärleri üçin dil endikleri, telekeçilik işini dolandyrmak we hünär howpsuzlygy we saglyk boýunça okuwlary geçirýär. Şeýle okuwyň umumy mukdary 200-e golaý adamyň gatnaşan 1050-den gowrak synp sagady boldy.

Kompaniýanyň geljekdäki tagallalary medeni integrasiýany we adamlar bilen aragatnaşygy işjeň ösdürmegi öz içine alýar. CNPC-iň ýolbaşçylary, pikirlerini diňlemek we aladalaryny çözmek üçin önümçilik ýerlerinde ýerli işgärleriň arasyna yzygiderli baryp görýärler.

ORIENT news

Foto: realtribune.ru

Şeýle hem okaň: