Iň täze habarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumyna gatnaşýar

18.09.2024 | 12:00 |
 Türkmenistanyň wekiliýeti GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumyna gatnaşýar

17-19-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Başkortostan Respublikasynyň paýtagty GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumyny kabul edýär. Ufa ilkinji gezek Arkalaşygyň çäklerinde esasy ynsanperwer çäräniň geçiriljek ýerine öwrüldi. Arkalaşygyň ýurtlarynyň 200-e golaý wekiliniň gatnaşýan giň gerimli çäresi 2006-njy ýyldan bäri GDA-nyň ýurtlarynyň paýtagtlarynda gezekli-gezegine geçirilýär. Forum GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygy döwletara gaznasy tarapyndan gurnaldy.

Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

GDA-nyň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň forumlary Arkalaşygyň her ýylky iň uly ynsanperwer çäresi bolup, geçen ýylyň netijeleri jemlenýär, bilelikdäki hereket meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşylýar, ylym, bilim, medeniýet, maglumat, syýahatçylyk, sport we ýaşlar bilen işleşmek ýaly ugurlarda iň möhüm meseleler boýunça teklipler işlenip düzülýär.

Häzirki XVII Forumyň mowzugy “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: umumy gymmatlyklar we medeniýetleriň dürlüligi” häzirki zaman hakykatlaryny göz öňünde tutup hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmagy we işiň ileri tutulýan ugurlaryny we görnüşlerini kesgitlemegi öz içine alýar.

Umumy mejlislerde we ýöriteleşdirilen bölümlerde ylym, bilim we sungat işgärleri hünärmenleriň özara gatnaşyklarynyň dürli taraplaryny ara alyp maslahatlaşarlar: bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri, jemgyýetiň ösüşi üçin çeşmesi hökmünde meýletinçilik, medeniýetleriň arasyndaky gepleşikleriň emele gelmeginde integrasiýa işi.

Bu çäreniň çäklerinde GDA-nyň ugurdaş ynsanperwer birleşikleriň ýolbaşçylarynyň, kinematografiýaçylaryň tegelek stollary, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň we inklýuziw taslamalary guramak boýunça hünärmenleriň duşuşygy geçirildi.

Forumyň medeni maksatnamasy baý mazmuna eýe. GDA ýaşlar simfoniki orkestriniň çykyş etmegine garaşylýar. Orkestriň döredilmegi Döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlygy gaznasynyň möhüm taslamalarynyň biridir.

Forum, çärä gatnaşyjylaryň bilelikdäki işleriniň netijelerini jemlän we ýakyn geljek üçin wezipeleri düzjek kararnamanyň kabul edilmegi bilen tamamlanar.

Forumyň işine aşakdakylar gatnaşdyrmak meýilleşdirilýär: YHDG-yň Geňeşiniň başlygy Polat Bülbül ogly, YHDG Geňeşiniň egindeş başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlygy boýunça ýörite wekili Mihail Şwydkoý, Arkalaşygyň ýurtlarynyň ugurdaş ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: