Raşid Meredow Hytaýyñ, ABŞ-nyñ, Russiýanyñ we Mongoliýanyñ ilçileri bilen duşuşdy
19.09.2024 | 01:05 |18-nji setýabrda, çarşenbe güni Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginde ministr Raşid Meredowyñ Hytaý Halk Respublikasynyñ, ABŞ-nyñ, Russiýa Federasiýasynyñ, Mongoliýanyñ ilçileri bilen duşuşyklary geçirilip, bu ýurtlar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, Hytaýyñ ilçisi Sýan Naýçen bilen geçirilen duşuşykda syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy hem-de "Merkezi Aziýa - Hytaý" formatynyñ çäklerindäki bilelikdäki çäreleriñ taýýarlyk işleri barada maslahatlaşyldy.
Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ ilçisi Elizabet Rud bilen bolan duşuşykda howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika we ekologiýa meselelerini çözmekde möhüm bolan "C5+1" formatyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ünş berildi. Taraplar hyzmatdaşlygyñ dürli ugurlary boýunça dialogyñ dowam etdirilmeginiñ ähmiýeti barada belläp geçdiler.
Russiýa Federasiýasynyñ ilçisi Iwan Wolynkin bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiñ mümkinçilikleri hem-de gatnaşyklaryñ täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mongoliýanyñ ilçisi Dorž Baýarhuu bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklara hem-de şu ýylyñ güýzünde meýilleşdirilen Mongoliýanyñ Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhanyñ Türkmenistana amala aşyrjak döwlet saparynyñ taýýarlyk işlerine ähmiýet berildi.
Şeýlelik bilen, ähli geçirilen duşuşyklar dürli ugurlar boýunça Türkmenistanyñ esasy hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklaryñ pugtalandyrylmagyndaky we ösdürilmegindäki islegini açyp görkezýär.
ORIENT news