Iň täze habarlar

BAE syýahatçylara 10 GB mugt maglumatly tiz SIM-karta hödürleýär

18.09.2024 | 11:10 |
 BAE syýahatçylara 10 GB mugt maglumatly tiz SIM-karta hödürleýär

Birleşen Arap Emirliklerine gelýän syýahatçylar indi 10 GB mugt maglumatly tiz elektron sim-kartadan peýdalanyp bilerler.

“Gelip görýänler üçin tölegsiz ulgam” diýlip atlandyrylýan eSIM “e&” Döwlet telekommunikasiýa kompaniýasy tarapyndan hödürlenýär.

Ony mmigrasiýa barlagyndan geçenden dessine özbaşdak işjeň ýagdaýa getirip, gonan pursatlaryndan syýahatçylaryň ýakynlary bilen aragatnaşykda bolmaga hem-de möhüm hyzmatlardan peýdanlanama mümkinçilik berer.

Diňe QR kody ulanyp skanirlemeli we ýüz tanamak tehnologiýasyny ulanmaly.

Bu täzelik syýahatçylaryň adaty SIM-kartalar üçin nobata durmak zerurlygyny aradan aýyrýar.

“e&” kompaniýanyň müşderiler bilen işlemek bölüminiň müdiri Haled Elkhuli bu başlangyjyň ykjam aragatnaşyk üçin täze ölçegleri döredýändigini belledi. Şeýle hem, BAE-iň innowasiýa ygrarlydygyny we müşderilere ajaýyp mümkinçilik bermäge hemişe çalyşýandygyna şaýatlyk edýär.

Birleşen Arap Emirlikleri millionlarça daşary ýurtly syýahatçyny özüne çekmegi dowam etdirýär. Dubaýyň Ykdysadyýet we syýahatçylyk müdirliginiň habaryna görä, diňe geçen ýyl Dubaýa 17,15 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçy geldi.

Şol ýyl Abu-Dabiniň ilaty hem üç göterim artdy, Dubaý häzirki wagtda BAE-de iň köp ilatly şäher bolmagynda galýar.

ORIENT news

Foto: arabianbusiness.com

Şeýle hem okaň: