Iň täze habarlar

Aşgabatda we Daşoguzda täze kislorod stansiýalary oturdyldy

04.09.2024 | 13:05 |
 Aşgabatda we Daşoguzda täze kislorod stansiýalary oturdyldy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde we Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde iki sany täze kislorod stansiýasyny üstünlikli oturdyldy.

Kislorod dem alyş kesellerini bejermek we köpsanly lukmançylyk ýagdaýlaryny dolandyrmak, şeýle hem umumy saglyk netijelerini gowulandyrmak üçin zerur lukmançylyk çeşmesi hökmünde çykyş edýär.

Ondan öň hyzmatdaşlygyň çäginde saglygy goraýyş ulgamynyň taýýarlygyny güýçlendirmek üçin üç kislorod stansiýasy Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine berildi.

“Kislorodyň elýeterliligini ýokarlandyrmak enänň, täze doglan çaganyň saglygy üçin möhüm bolup biler we Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmäge ýardam eder. Geljekde BMG-niň Çagalar gaznasy Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen dem alyş terapiýasynyň häzirki zaman usullaryny kliniki okuw meýilnamalaryna ornaşdyrmak üçin ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirer” – diyip, ministrligi BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea belledi.

ORIENT news

Foto: BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: