Iň täze habarlar

Türkmen wekiliýeti “Geljegi şekillendirmek: C5 + ONE Merkezi Aziýa – ABŞ” maslahatyna gatnaşdy

13.09.2024 | 14:28 |
 Türkmen wekiliýeti “Geljegi şekillendirmek: C5 + ONE Merkezi Aziýa – ABŞ” maslahatyna gatnaşdy

Bilim, energetika we daşky gurşawy goramak pudaklarynyň işgärlerinden düzülen Türkmenistanyň wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen “Geljegi şekillendirmek: C5 + ONE Merkezi Aziýa – ABŞ” sebitleýin maslahatyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň web sahypasynda habar berlişi ýaly, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat bolan Türkmenistandan gatnaşyjylar gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, galyndylary gaýtadan işlemek, eko-moda we metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça özleriniň innowasion garaýyşlaryny hödürlediler.

Bu çäre, sebitiň durnukly ösüşi üçin täze strategiýalaryň işlenip düzülmegine goşant goşup, alymlaryň, mugallymlaryň we ýaş hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hünärmenleri we energiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça ýöriteleşen amerikan uniwersitetleriniň mugallymlary okuw maslahatlaryny geçirip, gatnaşyjylara hünär pudagynda dil endiklerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

C5 + ONE, Merkezi Aziýada başlangyç we orta derejeli hünärmenleriň arasynda iňlis dilini ösdürmäge gönükdirilen özboluşly başlangyç. Bu maksatnama, jemgyýetçilik pudagynyň, raýat jemgyýetiniň we hususy kompaniýalaryň wekillerine amaly dilden aragatnaşyga üns bermek bilen iňlis dilini ösdürmäge mümkinçilik berýär.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: