Iň täze habarlar

Türkmen talyplary Germaniýada tomusky bilim maksatnamasyna gatnaşdylar

04.09.2024 | 15:30 |
 Türkmen talyplary Germaniýada tomusky bilim maksatnamasyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyby Ysmaýyl Berdiýew Germaniýada daşary ýurtly talyplar we hünärmenler üçin tomusky okuw maksatnamasyna gatnaşdy.

Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň web sahypasynda habar berildi.

Dört hepdelik okuw Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherindäki Halkara gatnaşyklar institutynda “Germaniýanyň akademiki alyş-çalyş gullugynyň” (DAAD) maksatnamasynyň çäginde gurnaldy.

Bu maksatnamana toplumlaýyn okuw meýilnamasyny ýagny interaktiw synp çäreleri, onlaýn okuw we dürli diskussiýa meýdançalary öz içine aldy.

Nemes dili bilimini ýokarlandyrmaga we Germaniýanyň medeniýeti barada düşünjäni artdyrmaga niýetlenen bolmak bilen, bilim maksatnamasy dünýäniň dürli künjeginden gelen pikirdeş talyplar bilen aragatnaşyk saklamak we aragatnaşyk gurmak üçin meýdança bolup hyzmat etdi.

Gatnaşanlar dürli medeni çärelere gatnaşdylar we Berlindäki “Muzeý adasyna” baryp gördüler.

ORIENT news

Foto: mk.ru

Şeýle hem okaň: