Iň täze habarlar

Türkmenistanyň DIM-de TÜRKSOÝ Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

03.09.2024 | 18:40 |
 Türkmenistanyň DIM-de TÜRKSOÝ Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

3-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-de geçirilen duşuşygyň dowamynda 2024-nji ýyl TÜRKSOÝ Guramasy tarapyndan “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly” hem-de gadymy türkmen Änew şäheri türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen ýurdumyz üçin bu şanly sene bolandygy barada bellenilip geçildi.

DIM-iň habarlar gullugynyň habar bermegine görä, gepleşige gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmakda hem-de Änew şäheriniň medeni ähmiýetine bagyşlanylyp geçiriljek bilelikdäki çäreleriň guramaçylyk işlerine üns çekdiler.

03092024-v-mid-turkmenistana-vstrecha-s-gensekom-tyurksoj (2).jpg

Söhbetdeşler türki dilli halklaryň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, goralyp saklanylmagyna hem-de ony dünýä ýaýmaga gönükdirilen Türkmenistanyň TÜRKSOÝ Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijeliligi barada nygtap geçdiler.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: