Iň täze habarlar

Ýewropa Bileleşiginiň howa menzilleri el goşunda 100 ml suwuklyk çägine gaýdyp gelýärler

03.09.2024 | 14:35 |
 Ýewropa Bileleşiginiň howa menzilleri el goşunda 100 ml suwuklyk çägine gaýdyp gelýärler

2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan Ýewropa komissiýasy Ýewropa ýurtlarynyň howa menzillerinde el goşunda 100 ml suwuklyk ölçegiň ikilenç çägini girizýärler.

Bu çözgüt howa menzilleri üçin el goşunda partlaýjy serişdelerini ýüze çykarmak ulgamy (EDSCB) hökmünde tanalýan hem-de ýolagçylara el goşunda iki litre çenli suwuklygy geçirmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman skanerleri gurnamak borçnamalaryny aýyrýar.

Mundan beýläk Ýewropa Bileleşiginiň ýolagçylary suwuklyklary, aerozollary we gelleri iň ýokary möçberi 1 litre barabar bolan agzy ýapylýan, içi görünýän plastiki torbalara ýerleşdirilen 100 ml ýa-da ondan az göwrümli konteýnerde geçirmäge borçlanýar. Bu çäkden köp bolan zatlar rugsat edilýän goşlaryň arasynda goýulmalydyr.

Ýewropa komissiýasy bu çäräni wagtlaýyn diýip häsiýetlendirip, agza ýurtlar we Raýat awiasiýasynyň Ýewropa maslahaty bilen howa gatnawlarynda howpsuzlygyň we goraglylygyň ýokary standartlaryny üpjün edýän çalt tehniki çözgütleriniň üstünde işleýändiklerinde ynandyrdy.

ORIENT news

Foto: arabianbusiness.com

Şeýle hem okaň: