Iň täze habarlar

Türkmenistan we Özbegistan energetika pudagy boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

30.08.2024 | 10:52 |
 Türkmenistan we Özbegistan energetika pudagy boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

Aşgabatda ýangyç-energetika toplumy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar geçirildi. TDH-nyň habar bermegine görä, Özbegistanyň wekiliýetine Energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky energetika pudagy boýunça häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşi barada pikirleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan we Özbegistan açyklyk, özara ynanyşmak we iki ýurduň milli bähbitlerini üpjün etmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy täze ösüş derejesine ýetirmäge çalyşýarlar.

Şeýle-de taraplar geçirilen gepleşikleriň gelejekde ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdiler.

ORIENT news

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: