Iň täze habarlar

Tähran we Aşgabat gümrük hyzmatdaşlygyny giňeldýärler

29.08.2024 | 23:35 |
 Tähran we Aşgabat gümrük hyzmatdaşlygyny giňeldýärler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň Tährana amala aşyran iş saparynyň dowamynda 28-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylary Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük dolandyryşynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdiler.

Gepleşigiň dowamynda gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary Maksat Hudaýgulyýew we Mohammad Rezwanifar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaý meselelerini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Maglumat alyşmak tejribesiniň iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň artmagyna ýetirýän oňaly täsirini hasaba almak bilen haryt we ulag serişdeleri barada deslapky maglumatlaryň, gümrük statistikasynyň we haryt bahalary baradaky maglumatlarynyň özara alyşylmagyna aýratyn üns berildi.

Türkmen gümrük gullugynyň saýtynda habar berilişi ýaly, işgär taýýarlamak, olaryň hünär taýýarlyk derejelerini ýokarlandyrmak, gümrük gözegçiliginiň tehniki serişdelerini, sanly gümrügi, elektron beýan etmeleri, maglumatlaryň elektron görnüşinde alyşylmagynyň gurallaryny ulanmak ýaly ugurlar boýunça öňdebaryjy tejribe alyşmak babatda köptaraplaýyn saparlary gurnamak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar indiki aýyň dowamynda iki ýurduň arasynda bilermenler derejesinde duşuşyklary geçirmek barada ylalaşdylar.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük dolandyryşynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça Maksatnama gol çekildi.

ORIENT news

Foto: customs.gov.tm

Şeýle hem okaň: