Iň täze habarlar

Aşgabatda owgan wekiliýeti bilen gepleşikler geçiriler: TOPH, TOP we demirýol taslamalary

29.08.2024 | 01:10 |
 Aşgabatda owgan wekiliýeti bilen gepleşikler geçiriler: TOPH, TOP we demirýol taslamalary

Ministrligiň habar bermegine görä, Owganystayň dag-magdan we nebit senagatynyň ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Hedaýatulla Badri çarşenbe güni öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen geldiler.

X-yň habarynda wekiliýet Türkmenistan-Owganystan-Päkistan elektrik geçiriji ugrunyň optik süýüm desgasy, demirýol taslamalary ýaly ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini hem-de TOPH (Türkmenistan-Owganystan-päkistan-Hindistan) turbageçirijisiniň owgan çägindäki gurluşygy boýunça işlerine badalga bermek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen resmi wekilleri bilen Aşgabatda duşuşar diýlip aýdylýar.

Ariana News-yň habar bermegine görä, sişenbe güni Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Muttaki TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň jemleýji tapgyrdadygyny belläp, ýakyn wagtda gurluşyk işleriniň başlanjakdygy barada habar berdi. Muttaki TOPH taslamasynyň Owganystan üçin ykdysady bähbit bilen bilelikde oňyn syýasy netijeleri gazanmakda möhümdigini belledi.

TOPH taslamasyndan başga-da, birnäçe bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda demir ýollaryň we gury ýer portunyň gurulmagy bilen owgan-türkmen ykdysady geçelegesi ýaly taslamalar boýunça işlere badalga beriler.

ORIENT news

Foto: Ariana news

Şeýle hem okaň: