Iň täze habarlar

Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Türkiýäniň Prezidenti telefon arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahatlaşdylar

29.06.2024 | 22:50 |
 Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Türkiýäniň Prezidenti telefon arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahatlaşdylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Rejep Taýyp Ärdogan hem-de Gahryman Arkadagymyz ählumumy hem-de sebit meseleleri boýunça piker alyşdylar diýip, Türkiýäniň kommunikasiýa müdirligi X-da habar berdi.

“Telefon arkaly söhbetdeşlikde Prezident Ärdogan iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça hem-de köptaraplaýyn platformalarda mundane beýläk-de ösjekdigine ynam bildirdi” diýlip habar berildi.

Türkiýäniň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady diýlip habarda bellenilýär.

ORIENT news

Foto: iletisim.gov.tr

Şeýle hem okaň: