Iň täze habarlar

Belet Video: siziň biznesiňiz üçin netijeli mahabat

05.07.2024 | 14:26 |
 Belet Video: siziň biznesiňiz üçin netijeli mahabat

Sanly tehnologiýalar döwründe netijeli mahabat islendik biznesiň üstünlikli bolmagynyň esasy şertleriniň biridir. Türkmenistanyň Belet Video wideoplatformasy innowasion mahabatlandyryş mümkinçiliklerini hödürleýär.

Ýörite teklip: iýul aýynyň ahyryna çenli tölegsiz 20 000 görkeziliş! Degişli görnüşi dolduryň we biziň hünärmenlerimiz siziň bilen habarlaşarlar.

Belet Video – Android we iOS smartfonlarda, Android TV-de, Planşetlerde we iPad-da elýeterli bolan kuwwatly ekoulgamdyr. Onuň şahsy kompýuterler üçin Web görnüşi hem bar.

Platformada aýda 8,5 million gezek wideo görülýär, Android, AndroidTV we iOS-lere 180 müňden gowrak ýükleme amala aşyrylýar, 130 müňden gowrak işjeň ulanyjy platformada günüň dowamynda ortaça iki sagat wagt geçirýärler. Geçen aýda ulanyjylaryň sany 100 göterim artdy.

Belet Video-da mahabatyň artykmaçlyklary:

  1. Siz diňe görlen mahabat üçin töleýärsiňiz.
  2. Çykdajylary hem-de her bir ulanyjy üçin görkezilişleriň ýygylygyny özüňiz kesgitleýärsiňiz.
  3. Mahabaty wideo şeýle hem fotomateriallar görnüşinde ýerleşdirip bilýärsiňiz.
  4. Öz saýtyňyza salgylanmany ýerleşdirip bilýärsiňiz.
  5. Mahabatyň görkezilmeli sebitlerini (Aşgabat, Mary, Türkmenabat we b.ş.) saýlap bilýärsiňiz.

Amatly nyrhnama:

• Binýatlaýyn töleg:0,01 teňňe
• 5 sekunt görkeziliş 0,03 teňňe
• 10 sekunt görkeziliş: 0,06 teňňe
• 15 sekunt görkeziliş: 0,11 teňňe

Wyzowl-yň geçiren barlaglaryna görä sarp edijileriň 84 göterimi brendiň wideomahabatyny görenden soňra şol önümi satyn almak isleýärler. Mundan başga-da, HubSpot sarp edijileriň 54 göteriminiň özleriniň ynanýan brendleriniň ýa-da kompaniýalarynyň wideomahabatlaryny köpräk görmek isleýändiklerini aýdýar.

Dünýä belli brendler wideomahabatdan netijeli peýdalanýarlar. Old Spice-iň «The Man Your Man Could Smell Like» çäresi bary-ýogy 30 günüň içinde satyşy 107 göterim artdyrdy.

Biziň sertifikatlaşdyrylan agentlerimiziň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilersiňiz:

  1. «Mahabat Mudirligi»
    Тел: +993 12 493705
    Email: mahabat@turkmentv.gov.tm
    Salgy: Aşgabat şäheri, Oguzhan 13, Türkmenistan kinokonsert zaly

  2. «Tapylgysyz mahabat» HK
    Тел: +993 12 454111
    Email: info@tpsadvertising.com
    Salgy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 183

  3. «Caspy Creative»
    Тел: +993 12 212040
    Email: social@caspy.biz
    Salgy: Ashgabat sh, Sovetskaya 90 (VESTEL building)

  4. «Studio22»
    Тел: +993 65 858422
    Email: studio22.main@gmail.com
    Salgy: Ankara köçesi, Rysgal Bank blok B, 4 floor

ORIENT news

Foto: Belet Video tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: