Iň täze habarlar

«AST SpaceMobile» hatda ýapyk binalarda hem smartfonlaryň aragatnaşyk emeli hemralaryna durnukly baglanyşygyny üpjün eder

03.07.2024 | 12:45 |
 «AST SpaceMobile» hatda ýapyk binalarda hem smartfonlaryň aragatnaşyk emeli hemralaryna durnukly baglanyşygyny üpjün eder

Amerikan kompaniýasy, emeli hemralary işläp düzüji we öndüriji «AST SpaceMobile» smartfonlary hatda ýapyk binalarda hem aragatnaşyk emeli hemralaryna durnukly birikdirmegi üpjün eder.

Munuň üçin kompaniýa «AT&T» we «Verizon» aragatnaşyk operatorlary bilen 850 MGs ýygylygyny bilelikde ulanmak barada şertnama baglaşdy.

Has ýokary ýygylyklardan tapawutlylykda, pes ýygylyklar has uzak aralyklara ýaýramak bilen, binalara has çuňňur aralaşýar we diwarlaryň içinden geçýär. Bu bolsa signallaryň öýjükli aragatnaşyk diňleri arkaly hatda çäkli ýerüsti infrastrukturasy bolan çetki sebitlerde hem ulanyja ýetmegini üpjün edýär.

«AST SpaceMobile» kompaniýasynyň bäş sany aragatnaşyk emeli hemrasy şu ýylyň sentýabr aýyna çenli orbita çykarylar.

«Starlink» kompaniýasynyň bäsdeşi «AST SpaceMobile» ýapyk binanyň içinde 21 Mbit/s tizlikde emeli hemra signalyny kabul etmäge rugsat berýän tehnologiýasynyň artykmaçlyklaryny görkezdi.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: