Iň täze habarlar

GDA-nyň birinji forumy Belarusyň we Russiýanyň sebitleriniň forumynyň tejribesi esasynda taýýarlanylar

01.07.2024 | 10:27 |
 GDA-nyň birinji forumy Belarusyň we Russiýanyň sebitleriniň forumynyň tejribesi esasynda taýýarlanylar

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň birinji sebitara forumy Belarusyň we Russiýanyň sebitleriniň forumynyň tejribesi esasynda taýýarlanylar. Bu barada Moskwada geçirilen GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisinde habar berildi.

GDA ýurtlarynyň sebitleriniň birinji forumyny geçirmek başlangyjy Özbegistana degişlidir.

“Biz bu çäräni guramak boýunça degişli tekliplere garaşýarys” diýip Belarusyň Premýer-ministriniň orunbasary Igor Petrişenko aýtdy hem-de Arkalaşygyň çäklerindäki sebitara foruma taýýarlyk görlende Belarusyň we Russiýanyň sebitleriniň forumynyň tejribesinden ugur alynjakdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Petrişenko iş ýüzünde synagdan geçen tejribäni paýlaşmaga taýýardygyny aýtdy.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 102-nji mejlisinde Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri özara hyzmatdaşlygy meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT news

Foto: e-cis.info

Şeýle hem okaň: