Iň täze habarlar

BMG-niň Baş Assambleýasy Hytaýyň teklip eden emeli aň pudagynda halkara hyzmatdaşlygy barada Kararnamasy kabul etdi

05.07.2024 | 11:55 |
 BMG-niň Baş Assambleýasy Hytaýyň teklip eden emeli aň pudagynda halkara hyzmatdaşlygy barada Kararnamasy kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Hytaýyň teklip eden emeli aňyň mümkinçiliklerini ösdürmek ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hakynda Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Bu barada «China daily» agentligi habar berýär.

Bu resminamany 140 ýurt goldady.

«Emeli aňyň mümkinçiliklerini ösdürmek ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hakynda» Kararnamada emeli aňyň ösüşiniň «adama gönükdirilen ýörelgelere» esaslanmalydygy, peýdaly aňy ösdürmelidigi we adamzada peýda getirmelidigi nygtalýar.

Bu resminama ýurtlara, hususan-da, ösýän ýurtlara emeli aň ulgamynda kuwwatyny artdyrmaga, emeli aňyň ählumumy dolandyryşynda wekilçiligini we sesini pugtalandyrmaga, «açyk, adalatly we kemsitmesiz iş gurşawy» ugrunda çykyş etmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygynda möhüm orny eýeleýän Birleşen Milletler Guramasyny goldamaga ýardam bermek üçin halkara hyzmatdaşlygyna we amaly çäreleri durmuşa geçirmäge çagyrýar.

Kararnama emeli aňyň inklýuziw, peýdaly we durnukly ösüşini gazanmagy maksat edinýär hem-de şeýlelik bilen, BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine goşant goşýar.

ORIENT news

Foto: chinadaily.com.cn

Şeýle hem okaň: