Iň täze habarlar

«Çapar Pay» ykjam goşundysy awiabiletleri onlaýn satyn almagyň iň gowy usulyny hödürleýär

05.07.2024 | 14:38 |
 «Çapar Pay» ykjam goşundysy awiabiletleri onlaýn satyn almagyň iň gowy usulyny hödürleýär

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň köpugurly «Çapar Pay» ykjam goşundysynda «Türkmenistan» milli awiakompaniýasynyň içerki gatnawlary üçin awiabiletleri satyn almagyň aňsat usuly hödürlenýär.

Munuň üçin ulanyjylara diňe «Google Play-de» we «App Store-da» elýeterli bolan ykjam goşundyny ýükläp almak we «Awiabiletler» bölümini saýlamak ýeterlikdir. Soňra şäheriňi, barjak nokadyňy we uçuşyň senesini görkezmeli.

Programma degişli uçuşlardaky boş orunlary görkezer, ulanyjy öýden çykmazdan, orunlary onlaýn usulda bronlap biler.

Ýolagçy hakyndaky maglumatlar (özüňiz ýa-da awiabilet satyn alyp berýän adamyňyz hakynda) ýatda saklanýar, şonuň üçin geljekde bu maglumatlary gaýtadan girizmegiň zerurlygy ýokdur. Bu ýygy-ýygydan syýahat edýän we yzygiderli bilet satyn alýan adamlar üçin aýratyn peýdalydyr.

Mundan başga-da, «Çapar Pay» ykjam goşundysynda bilet satyn almalarynyň taryhyny hronologiki tertipde görmek mümkindir, bu bolsa ol ýa-da beýleki syýahaty gerek wagtynda ýatlamaga kömek eder.

Goşmaça maglumatlary 075 gysga belgä jaň edip alyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: